JEMGYÝET

Türkmen kompaniýalary — wirtual sergide

Türkmen kompaniýalarynyň we döwlet kärhanalarynyň 20-si şu günler dowam edýän «Merkezi Aziýa — Wirtual EXPO» (CAVEX II) ikinji onlaýn sergisine gatnaşýar.

Şu ýylyň 4-nji martyna çenli dowam etjek bu sergide türkmen kompaniýalarynyň önümleri-de görkezilýär. Sergide merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleri hem guralýar. Onuň çäklerinde 14 — 18-nji fewralda Türkmenistanyň günleri hem geçirildi. Onuň dowamynda Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri babatda onlaýn maslahaty, ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi niýet edinýän türkmen kompaniýalaryna bagyşlanan webinary, şeýle hem Türkmenistanyň kärhanalarynyň 3-sine wirtual syýahaty guramak meýilleşdirilýär.

Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: