DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

«Toyota» 100 kilometr aralyga 4 litr benzin harçlaýan ulagy bilen tanyşdyrdy

Häzirki wagtda bütin dünýäni benzini juda az ýakýan ýa-da düýbünden ýakmaýan, elektrik energiýasynyň güýji bilen işleýän awtoulaglar barha uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýaponiýanyň dünýä meşhur «Toyota» kompaniýasy hem bu ýörelgä eýerýän öndürijileriň biridir.

Birki günlükde kompaniýa 100 kilometr aralyk üçin bary-ýogy 4 litr benzin harçlaýan «Toyota Levin» kysymly ulagynyň täze görnüşi bilen tanyşdyrdy.

Dünýä metbugatynyň ýazmagyna görä, kompaniýanyň bu täez ulagy ilki bilen Hytaý bazaryna çykaryldy. Häzirki wagtda bir «Toyota Levin»-iň bahasy 21 müňden 23,8 müň dollara çenli ýetýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: