JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyplary we mugallymlary Täze ýyla bagyşlanan konsert guradylar

 Türkmenabat şäherindäki «Türkmenistan» toý mekanynda Lebap welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi.

Täze ýylyň öň ýanynda geçirilen konsertde Zehinli aýdymçylar Şirinjan Kurbanowanyň, Leýla Resulowanyň, Ata Gaýypowyň, Serdar Bazarowyň, Aýgözel Işangulyýewanyň ýerine ýetiren aýdymlary ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. «Miras» aýdym-saz we hor toparlarynyň, «Owaz» akapella toparynyň «Sazlar çemeni» atly çykyşynda kompozitorlaryň döreden eserleri bilen birlikde halk sazlary hem ýerine ýetirildi. Bu ýerde dürli saz gurallarynda belli kompozitorlaryň döreden ajaýyp saz eserleri hem ýerine ýetirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: