SPORT WE SYÝAHAT

Türkmenabatly futbolçy AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

Türkmenabatly futbolçy Ruslan Priýew futbol ýoluny «Ahalda» dowam etdirer. Ol «Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyna taýýarlyklaryna goşuldy.

Professional karýerasyna 2019-njy ýylda Aşgabadyň «Köpetdagynda» gadam goýan Ruslan Priýew Lebabyň «Bagtyýarlyk» futbol toparynyň uçurymydyr. Ol ilkinji tälimi Timur Hüseýinowdan aldy.

«Köpetdag» bilen 2019-njy ýylda Türkmenistanyň kubogynyň eýesi bolan goragçy bir ýyldan soň ýene-de bu ýaryşyň finalyna çenli baryp ýetmegi başardy. 2019-njy we 2020-nji ýyllaryň möwsümlerini «Köpetdagda» geçiren Ruslan Priýew 2021-nji ýylda Marynyň «Energetik» futbol toparynyň düzümine goşuldy. Şu ýylyň başynda bolsa ol Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bilen şertnama baglaşdy.

AFK-nyň Çempionlar ligasynda üstünlikli çykyş etmegi meýilleşdirýän «Ahal» futbol toparynyň tälimçiler düzümi goragda türkmenabatly futbolçyny hem görmek islediler. Ol yklym ýaryşynda «Ahalyň» gorag bölüminiň esasy futbolçylarynyň biri bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: