DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Koronowirus ýyldyz hem bolsaň aýanok

«Bolliwudyň» meşhur aktýory, 77 ýaşly Amitabh Baççan hem koronowirusyň deminden sypyp bilmedi. Onuň keselhana ýerleşdirilendigi barada aktýoryň «Twitterdäki» resmi hasaby arkaly habar berildi.
«Mende COVID-19 barlagy geçirildi. Netijeler bu keseliň maňa-da ýokuşandygyny görkezdi. Barlaglar maşgalamda we ýakynlarymda hem geçirildi. Häzir olar netijelere garaşýarlar. Soňky 10 günüň içinde maňa ýakyn duranlaryň ählisinden barlagdan geçmegi haýyş edýärin» diýip, dünýä beli kinoýyldyzyň hasabynda ýazyldy.
Bu paýlaşmadan birnäçe sagat soňra onuň ogly, 44 ýaşly aktýor we prodýusser Abhişek Baççana hem koronowirusyň ýokuşandygy mälim boldy. Şeýelikde, Baççanlar maşgalasyndaky ikinji ýyldyz hem hassahana ýerleşdirildi.
Ýeri gelende aýtsak, Hindistanda koronowirus ýokuşanlaryň sany 820 müň adamdan geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: