DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Irlandiýada suwpişigi motorly gaýygy «dolandyrdy»

Irlandiýanyň Klonakilti şäherjiginiň ýaşaýjylary Uolli atly suwpişiginiň (moržuň) gatnaşmagynda täsin tomaşanyň şaýatlary boldular, diýip «mail.ru» ýazýar.

Murtly äpet jandar motorly gaýyga giripdir we ruluň başynda edil ony dolandyrýan ýaly bolup oturypdyr. Tizlikde özüni kapitan edip görkezmek onuň ýüregine düşen bolmaly, ol güneşläp ýatypdyr. Ýerli ýaşaýjylar Uollini köpden bäri bilýärler. Ekspertler suwpişigi Norwegiýanyň demirgazyk tarapynda ýerleşýän Şpisbergendendir, Atlantika bolsa ol Grenlandiýada gaýdan buz böleginde düşendir, diýip hasaplaýarlar. Uolli wagtal-wagtal birnäçe aýlap, hatda ýarym ýyllap ýitip gidýär, soňra bolsa dolanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: