DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Ýaponiýanyň mirasdüşer şazadasy belli boldy

Ýaponiýanyň mirasdüşer şazadasy belli boldy. Has takygy, şazada Akisino tagtyň indiki eýesi hökmünde resmi ýagdaýda yglan edildi. Bu barada nippon.com ýazýar.
Başda tagta mirasdüşerleriň sany üçdi. Ýöne Akisinonyň kakasy mirasdüşerlikden ýüz öwürdi, uly dogany imperator Naruhito bolsa monarh boldy. Şeýelikde, Akisino tagta ýeke-täk dalaşgärdir.
54 ýaşly Akisinonyň mirasdüşerligi bilen bagly dabara aprel aýynda geçirilmelidi. Ýöne koronowirus pandemiýasy sebäpli bu dabara soňa süýşürildi.
Ýaponiýanyň kanunlaryna görä, tagta diňe erkekler eýeçilik edip bilýär. Şonuň üçin häzirki imperator Naruhitonyň ýeke-täk perzendi bolan 18 ýaşly şa gyzy Aýko oňa dalaş edip bilmez.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply