Türkmenistan: Ýeralmadan bol hasyla garaşylýar
«Tebigy ekin» daýhan hojalygynda ýetişdirilen ýeralmanyň 2 müň tonna gowragy ýygnaldy.
Alnan hasylyň bir bölegi Lebap welaýatynyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşigine tabşyrylýar, galan bölegi bolsa söwda nokatlarynda ýerlenilýär.
Daýhan hojalygynda bu ýyl 343 gektar meýdanda ýeralma ýetişdirildi. Onuň hünärmenleri 5180 tonna hasyl almagy meýilleşdiripdirler. Şu wagta çenli ýygnalan hasylyň 74 gektar töweregi meýdandan alnandygyny göz öňünde tutsaň, ähli meýdanlar hasyldan boşadylandan soň bu görkezijiniň meýilleşdirileninden ep-esli köp boljakdygyna göz ýetirmek bolýar.
Hojalygyň hünärmenleri 27 gektar meýdanda sogan ýetişdirip, ondan 675 tonnanyň deregine 678 tonnadan geçirip hasyl aldylar.
Bu ýerde miwe, gök, bakja we dänelik ekinleriň 16 görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň käbirleriniň hasyly ýygnamaýar, käbirlerine bolsa ideg işleri dowam etdirilýär.