DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Garpyzy kombaýn ýygýar

Garpyz ýygyjy döwrebap tehnologiýalaryň biriniň talyplar tarapyndan işlenip düzülendigini bilýärdiňizmi? Ynha, «Wirgin» uniwersitetiniň talyplary şeýle tehnologiýany ― garpyz ýygyjy kombaýny işläp düzdüler. Asyl-ha, olaryň bu işi ýokary baýraga hem mynasyp boldy.
Talyplaryň oýlap tapan garpyz ýygyjy kombaýny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda her ýyl geçirilýän «Ag-Bot Callenge» gözden geçirilişinde ýokary baha mynasyp boldy. Hatda täze kombaýn üçin talyplar baş baýrak ― 30 müň amerikan dollary bilen sylaglandylar.
Dünýä metbugatynda ýazylyşy ýaly, täze tehnikada adamyň güýji ulanylmaz. Kombaýn ähli işi özi eder we garpyzlary örän seresaplylyk bilen ýygar. Ol onlarça, belki-de ýüzlerçe gektar ýerde garpyz ýetişdirýän oba hojalykçylar üçin has peýdaly bolar.
Kombaýnyň ýene bir aýratynlygyny hökman aýtmak gerek. Ol bişen garpyzy bişmediginden saýlap bilýär. Şeýlelikde, bişmedik garpyzy sapagyndan ýolup, zaýaçylyga ýol berenok.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: