Hytaýda restoranda we kafede iýilip gutarylmadyk nahar üçin jerime göz öňünde tutulýar
Halk wekilleriniň Umumyhytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň maslahatynda nahary zaýalamagyň öňüni almak maksady bilen adaty bolmadyk kanun kabul edildi, diýip «mail.ru» ýazýar.
Komissiýanyň metbugat sekretary Zanga Teweýýanyň aýtmagyna görä, bu kanun iýmit galyndylary hakynda düşünje berýär we olaryň azaldylmagyna gönükdirilendir. Şonuň üçin hem, nahar babatynda birnäçe jerimeler göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, indi jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda nahar buýurjak bolsaň, oňatja oýlanmaly bolar. Restoranlarda we kafelerde iýilmän galan nahar üçin jerime salynmak howpy bar.
Üýtgetmeler çinownikleriň geçirýän banketlerine hem degişlidir. Sebäbi olar raýatlara görelde görkezmelidirler. Indi banketlerde berilmeli naharyň mukdary we görnüşleri täze kadalara we standartlara laýyklykda aýratyn görkezerler.