JEMGYÝET

«Jeýhun» studiýasynyň düşüren filmi höweslendiriji baýraga mynasyp boldy

«Jeyhun.news» analitiki habar beriş portalynyň «Jeýhun» studiýasynyň surata düşüren «Ak öýde döwletli-döwran görmüşem» filmi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň yglan eden bäsleşiginiň höweslendiriji baýragyna mynasyp boldy. Studiýanyň döredijilik toparyna guramaçynyň Hormat haty hem-de gymmat bahaly sowgady gowşuryldy.

Bu film Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp 2021-nji ýylda ulanylmaga tabşyrylan iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyş dabarasyndaky pursatlardan, şeýle hem olaryň aýratynlyklaryny dolulygyna açyp görkezýän filmleri döretmek boýunça yglan edilen bäsleşige hödürlenipdi. Oňa milli teleradioýaýlymlaryň we beýleki döredijilik toparlarynyň wekilleri özleriniň işini hödür etdiler.

«Jeýhun» studiýasy özünde döredijilik bilen meşgullanýan höwesjeňleri jemleýär. Olar dürli temalara bagyşlanan filmleri, klipleri surata düşürýärler, müşderileriň buýurmalaryna laýyklykda dabaralardan wideofilmleri, suratlary düşürýärler. Studiýanyň operatorlary welaýatda geçirilýän möhüm çäreleri wideofilmlere düşürmäge çagyrylýar. Mysal üçin, olar diňe soňky döwürde Çärjew elektrik stansiýasynyň, Türkmenabat şäherindäki ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň açylyş dabaralary we beýleki beýleki çäreler barada filmleri düşürmäge işjeň gatnaşdylar.

Studiýanyň özüniň «YouTube» kanaly bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: