Ýoluň gurluşyk işleriniň depgini ýokary

Şu günler «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň «Tejen — Mary» we «Mary — Türkmenabat» böleklerinde gurluşyk işleri depginli alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ýoluň «Mary — Türkmenabat» böleginiň gurluşygyny «Ata Melhem» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar. Şu güne çenli 125 kilometrlik ýoluň 112 kilometrinde ýer işleri doly tamamlandy. 21 kilometr 775 metrlik böleginde bolsa çagyl garyndysynyň birinji gatyny düşemek işleri tamamlandy. Çagyl garyndyly gatlary düşemek işi tamamlanandan soň, 5, 7 we 10 santimetrden üç gat asfalt düşeler. 2023-nji ýylyň dekabr çenli ýoluň gurluşyk işleriniň dolulygyna tamamlanar.

Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Adblock
detector