JEMGYÝET

Türkmenabatda Halkara kitap güni bellenildi

Welaýat kitaphanasynda Halkara kitap güni mynasybetli «Kitap — ýaşlaryň göwün syrdaşy» diýen at bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde geçirilen bu maslahata kitaphana işgärleri, guramanyň işjeň agzalary we talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmek, milli golýazmalarymyzy gorap saklamak, ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek maksady bilen alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli çykyşlar diňlenildi. Kitaphana işgärleri öz çykyşlarynda soňky ýyllarda dünýäniň dürli dillerinde ýazylan eserleri okamaga isleg bildirýän ýaş okyjylaryň sanynyň ep-esli artýandygyny buýsanç bilen bellediler. Maslahata gatnaşanlar ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasyna deňelýän kitap barada halk arasynda ýaýran hekaýatlary we tymsallary gürrüň berdiler. Talyplar Magtymguly Pyragynyň ýygyndylaryndan şygyrlary labyzly okadylar.

Maslahata gatnaşyjylar kitaphana işgärleriniň guran kitap sergisine hem tomaşa etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: