YLYM WE TEHNIKA

Öndürilip başlanmazyndan 40 ýyl ozal smartfonyň peýda boljakdygy aýdyldy

Kaliforniýadaky «PacTel» telefon kompaniýasynda işleýän Mark Salliwan häzirki zaman gajetleriniň öndürilip başlanmazyndan 40 ýyl ozal olary häsiýetlendirdi.Şol wagt «iPhone» döreden Stiw Jobs ýaňy iki ýaşapdy. Bu barada «mail.ru» ýazýar.

Smartfon beýan edilen makalany 1953-nji ýylyň gazetleriniň birinden tapdylar. Onda Salliwan şol wagty bar bolan telefonlaryň nähili üýtgejekdigi barada pikir ýüwürdýär, diýip, «PhoneArena» ýazýar.

«Gwljwkki telefonlaryň nähili boljakdygy barada aýtmak — spekulýasýa. Ýöne men şeýle çaklaýaryn: gutarnykly görnüşinde biz, belki, şu gün sagat göterişimiz ýaly, telefony ýanymyzda götereris. Telefonlara belgini aýlaýan we şoňa meňzeş zat gerek bolmaz. Ony ulanyjylar gepleşýän wagtlary biri-birlerini görüp bilerler», diýip, makalada aýdylýar.

Ekspert terjimeçi goşundylaryň ösmegi barada öňünden aýdan çaklamalary bilen has öňde boljakdygyny aýdypdyr. «Kim bilýär — diýip, Salliwan jemleýär, — belki ol (telefon), hakykatdan hem bir dilden beýleki dile terjime edip biler».

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: