Türkmenabatdaky teatrda şu hepde
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry şu hepdäniň dynç alyş günlerinde öz tomaşaçylaryna täsirli sahna eserleriniň ýene-de ikisini ýetirmegi nmeýilleşdirýär.
«Jeyhun.news»-a teatrdan berlen maglumata görä, şenbe güni bu sungat ojagynda «Saňa ýalan, maňa çyn» atly sahna eseri görkeziler. Eseriň awtory we režissýory Gaýyp Jumaýew.
Şeýle hem teatr ýekşenbe güni ― 5-nji noýabrda tomaşaçylaryna Begi Suwhanowyň «Ilkinji söýgim» atly sahna eserini ýetirer. Eseriň režissýory Çary Dolyýew.