DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Hytaý apparaty Aýyň topragyny alar

Yzyna dolanyp gelýän «Çanýe-5» kosmos apparatynyň düşýän moduly Aýyň üstüne gondy, diýip «CGTN» telekanalyna salyganmak bilen, «indicator.ru» habar berýär. Hytaýyň milli kosmos dolandyrmasynyň missiýasynyň maksady — ýurduň taryhynda ilkinji gezek Aýyň üstündäki çagyllaryň we dag jynslarynyň nusgalaryny Ýere getirmek
24-nji noýabrda «Çanžen-5» göteriji raketasy uçuryldy. Ol awtomatiki ýagdaýda yzyna dolanyp gelýän «Çanýe-5» apparatyny orbita çykardy.
Şenbe güni ol aýyň orbitasyna çykdy, onuň düşürilýän moduly bolsa orbital toplumdan aýryldy we aşaklamaga taýýarlanyp başlady.
Ol Aýyň üstüne ýetdi we 2 metr töwerekdäki çuňlugy burawlamaga taýýarlyk görýär. Orbital toplum yzyna dolanýan kapsula bilen Aýyň orbitasynda galdy we düşýän modulyň topragyň nusgalaryny alyp gelmegine garaşýar.
Ýere 2 kilogram töweregi aý topragyny getirmek göz öňünde tutulýar. Ozal bu missiýa diňe ABŞ bilen SSSR-e başardypdy. Üstünlikli ýerine ýetirilse, bu soňky kyrk ýylyň dowamynda aý nusgalary getirilen ikinji maksatnama bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply