DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Marsda köller ulgamy tapyldy

Rimiň üçünji uniwersitetiniň alymlary Marsda dört sany içi suwly kölden ybarat bolan ulgamy ýüze çykardylar. Bu baradaky maglumat «mail.ru» saýtynda çap edildi.
2018-nji ýylda alymlar Marsyň ýüzünde kölleriň bardygyny çaklapdylar. «Nature» žurnalynda çap edilen makalada bolsa olar dört kölden ybarat ulgamy açandyklary barada ýazdylar.
Sentýabr aýynda «Mars Express» orbital stansiýasy saýýaranyň üstünde radiozondirowaniýe geçireninden soňky alnan maglumatlary öwrenenlerinden soň alymlar şeýle netijä geldiler.
Kölleriň umumy meýdany 75 müň inedördül metre barabardyr. Bu Gruziýanyň eýeleýän meýdanyndan (69 müň km2) we Awstriýanyňkydan (83 müň km2) birazajyk azyrakdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply