DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

2025-nji ýyla çenli Hytaý çaga dogurmaga bolan bolan çäklendirmäni aýyrmakçy

2025-nji ýyla çenli Hytaý hökümeti maşgalada çagalaryň sanyny çäklendirmäni doly aýyrmakçy we çaga dogurmaga goldamak boýunça çäreleri görmekçi. Bu barada «The Wall Street Journal» gazetine salgylanmak bilen «ТАСС» habar berýär.
Maýda hytaý hökümeti maşgalalara haçan güýje girjekdigini aýtmazdan, üç çaga edinmäge rugsat beriljekdigi baradaky karara gelipdi.
1970-nji ýylyň ortalarynda HHR-de çaga dogurmak berk çäklendirilipdi. Käbir kadadan çykmalar bolaýmasa, her maşgala diňe bir çaga edinmek rugsat berilipdi. Birnäçe ýyl mundan ozal ikisi hem ene-atasynyň ýeke-täk çagasy bolan maşgala, şonuň ýaly-da, eger birinji çagasy gyz bolsa, obalaryň ýaşaýjylaryna iki çaga edinmäge rugsat berilipdi. 2013-nji ýylda hytaý kanun çykaryjylary hiç ýolmanda är-aýalyň biri ene-atasynyň ýeke-täk çagasy bolan maşgala iki çaga edinmäge rugsat berildi. 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan HHR-da ähli hytaý maşgalalaryna iki çaga edinmäge rugsat berýän kanun güýje girdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: