DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Bottiçelliniň suratynyň reňkiniň gatlagynyň aşagynda Madonnanyň çagaly şekiliniň ilkinji nusgasy bar eken

Bahasy 40 million dollara barabar bolan Sandro Bottiçelliniň «Hasrat adamy» atly täzeden tapylan suratynyň reňkiniň gatlagynyň aşagynda Madonnanyň kiçijik çagaly şekiliniň ilkinji nusgasy bardygy barada «CNN» habar berýär, diýip, «mail.ru» ýazýar.

Nýu-Ýorkdaky «Sotheby’s» auksionynyň gadymy ussatlaryň suratlary bölüminiň uly wise-prezidenti we direktory Kris Apostolyň aýtmagyna görä, tapylan şekil çekilip başlanyndan soň taşlanan «Mährem Bogorodisanyň» şekiliniň nusgasynyň bolmagy mümkin. Onda Bogorodisa kiçijik Hristiň (Isa pygamberiň) çekgesini öz çekgesine gysyp dur.

Özem, kiçijik Iisusyň kellesi Bottiçelliniň beýleki suratlarynda gaýtalanmaýan unikal suratdyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: