TARYH

Dargan gala taryhy ýadygärligi

Dargan gala, Darganata şäheriniň 4,5 kilometr günorta-gündogarynda, ýerleşýän orta asyr galasynyň galyndylarydyr. Tanymal filolog alym S.Atanýazow IX asyr arap taryhçylarynyň işlerinde Horezmşalar döwletiniň Gürgençden (Köneürgenç) soňky iň uly şäheriniň ady hökmünde ýatlanýan Dargan sözüniň manysynyň belli däldigini nygtaýar we salgylanmak bilen, ähtimal, onuň “gaýykçy, gämiçi, kapitan” manylaryndaky “darga” sözüniň köplük sany bolmagyny çaklaýar. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde “darga” sözüne şeýle düşündiriş berlipdir:
1.“Darga”-at. Deňiz, derýa ýakasynda gerişleri, eginleri bilen gämi çekýän adam.
2.Ýük çekilýän gaýygy, gämini sürýän adam; gämiçi.
Amyderýanyň şu böleginden gämi gatnawyna amatly ýer bolany üçin, darga işi, ýagny, gämi gatnawynyň dowamly şu ýerden guralmagy ilki-ilkiler kiçijik obanyň, soňluk bilen şäheriň döremegine getiripdir. Netijede Dargan şäheri taryhy sahypasyny başlaýar. Häzirki günde Dargan gala, ýerli ilat tarapyndan Köne gala, Daky Ýunusyň galasy, Ak gala ýaly atlar bilen hem atlandyrýar. Taryhy çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, Dargan şäheriniň düýbi irki orta asyrlar döwründe, ýagny, Yslam dininiň Türkmenistana ýaýramagyndan öň tutulypdyr. XI asyrda Dargan Amuldan Gürgenje barýan kerwen ýolunyň ugrynda düşelge nokady hökmünde ýatlanýar. Makdisi 985-nji ýylda ýazan “Ahsin-at-takasim fi marifat al-akalim”(Ýurtlara akyl ýetirmek üçin iň gowy bölünişik) diýen işinde Darganyň Gürgençden soň iň uly şäherdigini, onda juma metjidiniň bolandygyny, derýanyň beýleki tarapynda oňa taý geljek metjidiň ýokdugyny, onuň gymmatbaha daşlar bilen bezelendigini, altyn çaýylandygyny ýazypdyr. Bu ýerde köp sanly üzümçilik bolupdyr, üzümçilik bilen gurşalan meýdan derýanyň boýuna 2 farsah (1farsah-5-6 kilometr) bolupdyr. Bu ýerden kişmiş daşalypdyr. Ol ”Dargan şäheri Jeýhun derýasynyň geçelgeleriniň biridir” diýip belleýär.
Dardan galanyň orta asyr gurluş arhetektura aýratynlygy Horezmiň galalaryna meňzeşdir. Onuň umumy meýdany 8 gektar bolup, daşky diwarlarynda öňe çykarylyp gurlan birnäçe gönüburçly we tegelek diňler bolupdyr. Galanyň goragynda bu diňleriň ähmiýeti uly bolupdyr. Galanyň beýikligi 6-8 metr, diwarlarynyň ini 4-5 metr aralygynda bolupdyr. Diwary we diňleri gurmakda çig, bişen kerpiç we palçyk laý ulanylypdyr. Sungaty öwreniji G.A.Pugaçenkowanyň häsýetlendirmesi boýunça, küňreleriň diametri 6,5 metre ýetýär. Onuň aşaky bölegi guýma edilip, ýokarysy inçelýän ýarym aýlawly görnüşli bolupdyr. Olar esasy diwarlar bilen agaç germewler arkaly birleşdirilipdir.
Galanyň diwarynyň iç tarapyna birikdirilen jaýlar agaç bilen basyrylypdyr. Diwarlaryň berk durmagyna ýardam edipdir, üstünde gorag niýetli ok atyş nokatlary bolupdyr. Galanyň iki sany derwezesi bolup, olar günbatar we gündogar tarapda ýerleşipdir. Gala merkezi böleginden demirgazykdan günorta tarap uzaýan diwar bilen ikä bölünipdir. G.A.Pugaçenkowanyň tapylan arheologik maglumatlardan ugur alyp aýdyşy ýaly, galanyň günbatar bölegi senetçi, hünärmenleriň ýaşan ýeri, gündogar bölegi bolsa ýer eýeleriniň, täjirleriň we şäher dolandyryjylarynyň we olaryň maşgalasynyň ýaşan ýeri bolupdyr.
Mongollaryň çozuşlary döwründe şäher 50 gektara barabar bolupdyr. Olar şäheri basyp alanlaryndan soňam bu ýerde ýaşaýyş düýpli ýitip gitmändir. Halk çarwaçylyk we awçylyk bilen meşgullanypdyr. Dargan gala, Köne gala, Ak gala, Daky Ýunusyň galasy diýlip atlandyrylan bu şäher galasy köp taryhy öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär.
Magtymguly Pyragy “Harap eýlär” atly şygyrynda Dargan şäheri diýip belläp geçýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply