JEMGYÝETLUKMANÇYLYKYLYM WE TEHNIKA

Haýsy azyklyk önümde С witamini köp

Näme üçindir köpler limonda С witamini köp diýip hasap edýärler. Belki, munuň limonda С witamininiň (askorbin kislotasynyň) hut limonyň şiresinden alnandygy üçin bolmagy mümkin. Hakykatda,100 gram limonda we mandarinde 40 we 38 mg С witamini bar.
Tropiki miwelerde bu gerekli we peýdaly witamin ýeterlik derejede köp. Mysal üçin, 100 gram kiwide — 137,2 mg, mangonyň etinde — 122,3 mg, papaýada — 88,3 mg, ananasda —78,9 mg. Ýöne olary hemişe satuwda tapyp bolmaýar.
Düzüminde С witamini köp bolan önümleriň sanawyna geçmezden ozal ünsüňizi bir ýagdaýa çekmekçi bolýarys. С witamini suwda ereýänlere degişli, şonuň üçin hem ol organizmde jemlenmeýär we onuň üstüni hemişe dolduryp durmaly bolýar. Askorbin kislotasy gyzgynlygy, ýagtyny we kislorody hem gowy görmeýär. Şonuň üçin hem, nahar taýýarlananda, onuň köp bölegi dargaýar. Bu ýagdaýy göz öňünde tutup, ter miweleri we gök önümleri iýmeli.
Bir gije-gündizde С witaminine bolan talap adamyň jynsyna, ýaşyna, saglyk ýagdaýyna baglydyr. Ol gundagly çagalar üçin 30 mg bolanyndan emdirýän eneler üçin 100 mg çenlidir. Uly adamlar üçin ortaça talap bolsa 70 mg barabardyr.
Aşakda şeýle azyklyk önümleriniň sanawyny berýäris:

1. Itburun (guradylanynda – 1200 mg/100 g, terinde – 650 mg/100 g)
2. Gyzyl burç (250 mg/100 g)
3. Gara smorodina (200 mg/100 g)
4. Oblepiha (200 mg/100 g)
5. Alma (165 mg/100 g)
6. Petruşka (150 mg/100 g)
7. Ýaşyl burç (150 mg/100 g)
8. Brokkoli (136 mg/100 g)
9. Brýussel kelemi (120 mg/100 g)
10. Ukrop (şibit) (100 mg/100 g)
11.Gyzyl rýabina (100 mg/100 g)
12. Reňkli kelem (70 mg/100 g)

С witamini ömri uzaldýar

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply