С witamini ömri uzaldýar
Munuň şeýledigini Gündogar Angliýanyň Uniwersitetiniň lukmanlary aýdýarlar. Olar С witamininiň 50 ýaşdan soň agramy (mysşa massasyny) saklap galmaga we wagtyndan soň ölümiň öňüni almaga kömek edýärler diýen netijä geldiler. Bu barada Eurekalert saýtyna salgylanmak bilen salgylanmak bilen, «Рамблер» ýazýar.
Daşary ýurtly alymlar 42 ýaşdan 82 ýaşa çenli 13 müň gowrak adamlar barada toplanan maglumatlary öwrenipdirler. Şonda olar ýeterlik derejede С witaminini iýen adamlaryň 50 ýaşdan soňam agramyny gowy saklap galandyklaryny ýüze çykarypdyrlar.
С witamin iýmeýänleriň bir ýylyň dowamyna agramynyň (mysşa massasynyň) 1%-ne çenli ýitirýändigi ýüze çykarylypdyr.
«Bu sarkopeniýanyň ösmegi — skelet muskulaturasynda degeneratiw atrofik üýtgemeleriň, ýaş bilen baglanyşykly ysgynsyzlygyň ýüze çykmagy, ýaşaýşyň umumy hiliniň peselmegi, wagtyndan öň garramak we ölmek bilen baglanyşykly» diýip, Norwiçiň Lukmançylyk mekdebiniň professory Aýlsa Uelç düşündirýär.
C witamininiň gerekli mukdaryny sitrus miwelerini iýmek bilen alyp bolýar. Ýöne ozalyndan bu barada lukman bilen maslahatlaşmak gerekdir. Bu witamuiniň özüni ulanmak babatynda hem şeýledir.