Maryly teatr artistleri Lebap welaýatynda döredijilik saparynda
Şu günler Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň artistleri Lebap welaýatynda döredijilik saparynda bolup, tomaşaçylara öz sahna eserlerini hödürleýärler. Maryly sahna ussatlary Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Mülk» atly spektakl bilen tomaşaçylaryň öňünde çykyş etdiler. Režissýor Ata Gullarowyň sahnalaşdyran bu spektaklynda baş keşpleri Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Garajaýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurbibi Nazarowa, Muhammettirkiş Rüstemow we beýleki artistler ýerine ýetirdiler. Türkmenabat şäher medeniýet öýünde hem spektaklyň görkezilişi boldy.