Hereket saglygy saklamaga kömek eder
«Россия 1» telekanalynyň ýaýlymynda Aleksandr Mýasnikow diňe bir bedeniň durkuny däl-de, saglygy saklap galmaga kömek edýän üç sany hakykaty agzap geçdi. Bu barada Вести.Ru habar berdi diýip, news.mail.ru ýazýar.
Hünärmeniň pikiriçe, ilki bilen, liftden peýdalanmagy bes etmeli we ýokarky gatlara ýöräp münmeli we düşmeli. Köp adamlar öýlerine ýörite trenžýorlary satyn alýarlar, ýöne ýokaryk-aşak pyýada ýöremek bilen şonuň berýän agramyny mugt almak bolýar diýip, doktor belleýär.
Ol bu maşky uly ýaşlylar hem, ýaşlar hem ýerine ýetirip bilerler diýip aýdanlarynyň üstüne goşdy.
Ikinji hakykat: günbatar ýurtlaryndaky ýaly, bir hepdelik iýjegiňi bir gezekde satyn almaly däl-de, azyk almak üçin köpräk gatnamaly. Ol dükana gatnamagyň hem hereketdigini düşündirdi. Ol az-azdan satyn almagyň wagty, puly tygşytlamaga kömek edýändigini we şonda pyýadalap geçilen ýoluň saglyk üçin peýdalydygyny düşündirdi. Hünärmen ýüküň deňagramlylygyny saklamagy hem ýatlatdy we ýükleri iki elde hem götermelidigini maslahat berdi.
Üçünji hakykat: mümkin boldugyndan, ulaga münmekden boýun gaçyrmaly. Bu ozaly bilen dyknyşykda durmakdan boşadar we ýola sarp edilýän wagty tygşytlamaga kömek eder. Üstesine-de, pyýada ýöremeklik fiziki maşk eden bilen deňdir.
«Hereket ediň, gündelik durmuşyňyzda agramlyklary tapyň — diýip, Mýasnikow öz programmasynda aýtdy. — Otagda ýöräň. Telewizora kürsüde oturyp tomaşa etmäň. Şol wagt hereket ediň, dik durup görüň… Umuman, sagdyn bolaýyn we uzak ýaşaýyn diýseňiz, islendik hereketi ediň. Her gün, her sagat, hemişe hereket etmeli».