TARYH

Garagulak bilen pişigiň dostlugy

Leningrad haýwanat bagyna barýan peterburglylar garagulak saklanýan kapasanyň ýanynda hökman saklanyp geçýärler. Gulaklaryndan tüýleri çykyp duran owadan garagulagyň ýanynda pyşbaga reňkli pişigiň oturanyny görüp: «Belki, bu göze görünýändir?» diýip, gözlerine ynanman, ep-esli durýarlar. Sebäbi bir kapasanyň içinde garagulak bilen pişik bile ýaşaýarlar. Bu baradaky makala «yandex.ru » ýerleşdirilen.
Bu täsin waka 2007-nji ýylda başlanypdyr. Leningrad haýwanat bagynda Linda atly garagulak doglupdyr. Biraz ulalandan soň, ony giň kapasa geçiripdirler. Iki aýlyk wagty hemmeleriňem oýnasy gelýär. Şonuň üçin hem, haýwanat bagynyň işgärleri onuň ýanyna pişik çagasyny goýberip, synap görmegiň pikirine gelipdirler. Olary görnüşleriň arasynda nähili gatnaşygyň boljakdygy gyzyklandyrypdyr. Şonuň üçin hem, garagulagyň çagasynyň ýanyna pişik çagasyny goýberipdirler. Şol wagt Dusýa hem iki aýlyk eken.
Ilki başda haýwanlar özlerini hüşgär alyp barypdyrlar. Işgärler birden pişige bir zat bolaýmasyn diýip, gözenegiň ýanynda näme bolýanyny synlap durupdyrlar. Näme diýseňem, garagulak pişik çagasyndan uludy. Ýöne olar biderek howsala düşüpdirler. Haýwanlar dostlaşypdyrlar. Muny gören işgärler olary gözenegiň aňyrsynda bile galdyrypdyrlar.
Garagulak bilen pişik biri-birinden aýrylyp bilmändirler. Bile naharlanypdyrlar, ýatypdyrlar, oýnapdyrlar. Gelýänler haýwanlaryň adaty bolmadyk dostlugyny görmek isläpdirler. Linda bilen Dusýa hatda janly burç maksatnamasyna hem gatnaşypdyrlar, olary çagalara we olaryň ene-atalaryna görkezipdirler. Adamlar sypalasalar, Dusýa ýarapdyr. Linda beýle üns ýaramandyr, ol adamlardan gizlenipdir. Şonuň üçin hem maksatnamany ýapypdyrlar.
Haýwanlar bir kapasada ýaşasalar hem, olaryň ýatakhanalary aýratyn bolupdyr. Garagulak pişigiň kiçijik öýüne girip bilmändir. Muny haýwanat bagynyň işgärleri olar biri-birinden dynç alar ýaly gurupdyrlar. Joralar biri-biriniň tabagyndan iýmit ogurlamagy gowy görüpdirler. Ikisinde-de bir meňzeş et ýa-da üwelen et bolsa-da, bir görseň, pişik garagulagyň tabagynda, bir görseň, garagulak pişigiň tabagyndan zat ogurlapdyr. Elbetde, garagulagyň tabagynda ol köpräk bolupdyr.
Bu agzybir durmuş 12 ýyla çekipdir. Haýwanat bagynyň işgärleriniň gürrüň bermeklerine görä, 2020-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda pişigiň beýnisine gan inipdir we dünýäsini täzeläpdir. Garagulak özüni gowy duýýar diýýärler. Onuň ýanyna başga pişik goýbermändirler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply