TARYH

Hiç kim ýatdan çykarylmaýar

Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Beýik Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli «Gahrymanlar unudylmaýar» atly dabaraly çäre geçirildi, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň muzeý bilen bilelikde guran çäresine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we bilim ulgamlarynyň işgärleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän hünärmenler, talyplar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Duşuşykda uruş ýyllarynda türkmen esgerleriniň görkezen gahrymançylygy barada edilen gürrüňler has-da tolgundyryjy boldy. Talyplaryň, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň uruş döwrüniň ýatlamalary esasynda taýýarlan sahna oýunlary, labyzly okan goşgulary bolsa kalplara röwşenlik çaýdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply