TARYH

Afrikaly oglan bütin obany açlykdan halas etdi

Häzirki döwürde beýlekilere kömek edýän adamlar az däl. Ýöne olar,köplenç, özleri köp zatlary gazanandan soň sogap iş etmegiň ugruna çykýarlar. Ýöne «travelask.ru»-da ýazylan wakada gürrüň afrikada ýaşaýan garyp maşgaladan çykan oglan barada gidýär. Onuň hiç zady ýok eken, ýöne özüniň bilesigelijiligi we tutanýerliligi bilen ykbalyny özgertmegi başarypdyr.
Maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi sebäpli Uilýam Kamkwamba orta mekdepde okap bilmändir. Ýöne biliminiň başlangyç synp bilen çäkli bolandygyna garamazdan, ol özbaşdak bilim almaga bolan ynamyny ýitirmändir. Ol bilim almaga şeýle bir ymtylýar eken welin, günde kitaphanada birnäçe kitaplary okapdyr.
Bir gezek Uilýam ýerli dükanlaryň birinde şemalyň güýji bilen işleýän generator görüpdir we özbaşdak şolar ýaly generator ýasap, maşgalasyny we obadaşlaryny elektrik togy bilen üpjün etmegi ýüregine edipdir. Onuň bagtyna, tölegsiz oba kitaphanasy onuň niýetini amala aşyrmaga kömek edipdir. Ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaga oglanyň puly bolmandyr, üstesine-de kiçijik obada oňa gereklileri satylmandyr. Şonuň üçin hem, Uilýam gerekli enjamlary uzakda bolmadyk zibil dökülýän ýerden gözlemegi makul bilipdir. Wagtyň geçmegi bilen sowatsyz oglan çylşyrymly elektrik shemalaryna düşünipdir we enjamy ýygnap başlapdyr. Konstruksiýanyň esasy hökmünde ol döwük welosipedi alypdyr, perlerini plastik turbalardan ýasapdyr. Ýerli adamlar ýaş oýlap tapyjynyň üstünden gülüpdirler. Ýöne garaňkynyň düşmegi bilen Uilýamyň ýaşaýan öýünde elektrik yşygynyň ýanandygyny görenlerinde welin, onuň ukybyna haýran galypdyrlar.
Täsin oglan we onuň oýlap tapan zady baradaky habar Malawiniň paýtagtyna ýetipdir. «TEDGlobal» progammasynyň direktory Emek Okafor ýetginjegi okuw maslahatyna çagyrypdyr we onuň ukybyny görüp, oňa okamak üçin grant beripdir. Afrikaly oglan köp wagtyny bilim almaga sarp etse-de, öz eli bilen oýlap tapan täze zatlaryny ýasamaga-da wagt tapypdyr. Şeýdip, ol öýüniň ýanynda ýeriň aşagyndan suw sorýan enjam ýasapdyr. Öň ýakyndaky guýa barmak üçin 45 minutlap pyýada ýöremeli eken. Onuň tutanýerliliginiň hem-de häsiýetiniň gatylygynyň netijesinde obada ýerden ýylda iki gezek hasyl alyp başlapdyrlar we adamlar özleriniň hal-ýagdaýynyň gowulandyrypdyrlar. Şeýlelik bilen, Uilýam Kamkwamba afrikanyň taryhyna zehinli oýlap tapyjy hem-de bütin obany açlykdan halas eden oglan hökmünde giripdir.

Leave a Reply