TARYH

Soltanýaz beg we onuň galasy

Türkmen halkynyň taryhynda halk bähbidini arap, türkmen topragyny daşky duşmanlardan goramak we erkin durmuşda ýaşamaklyk ugrunda alada eden şahsyýetleriň biri Soltanýaz begdir. Halk arasynda saklanyp galan rowaýatlara görä, Soltanyazyň ýaşlyk döwri Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Lamma obasynda geçipdir. Soltanýaz 1 ýaşynda wagty kakasyndan mahrum bolup, ony ejesi terbiýeläp ýetişdiripdir. Onuň ýigit çykan döwürleri, ýagny, XVIII asyryň ahyrlaryna XIX asyryň başlaryna begiň ýaşan ýerleri Buhara emirliginiň tabynlygynda bolup, Buhara emiri Şamyrat Welnamy tarapyndan yzygiderli salgytlar salnyp we töwerekdäki beglikler tarapyndan talaňçylykly çozuşlar edilip ärsarylar agyr horluklara sezewar edilipdir.

Buhara emiri türkmenlerden diňe bir agyr salgytlar almak bilen çäklenmän, eýsem, goşunçylyga adam hem ýygnapdyr. Ol türkmen ýigitleriniň batyrlygyndan peýdalanyp, olary goňşy halklara garşy basybalyjylykly uruşlarynda peýdalanypdyr. Taryhy maglumatlara görä, Soltanýaz hem emiriň goşunynda gulluk edipdir. Buhara emiri Şamyrat XVIII asyryň ahyrlarynda goňşy Owganystan bilen talaňçylykly uruş alyp barypdyr. Onda bolsa, belleýşimiz ýaly, türkmenler emiriň tarapynda durup urşupdyrlar. Söweş hereketleri gaty gazaply dowam edýän wagtynda owgan esgerleriniň köp sanlysy Buhara emiri Şamyradyň daşyny gabapdyr. Emiriň ýanyndaky goragçy esgerler tiz hatardan çykypdyrlar. Şamyrada ölüm howpy abanypdyr. Emiriň ýeke galandygyny, onuň janyna uly howp abanýandygyny gören Soltanýaz beg atynyň başyny şol tarapa öwürip, owgan esgerleri bilen deň bolmadyk söweşe giripdir. Ol owgan esgerleriniň ählisini atdan agdaryp, ýene-de söweşiň iň gazaply gidýän ýerine tarap at salypdyr. Bu ýagdaýy gören emir Şamyrada bu batyr, edermen ýigidiň kimdigini bilmek gyzykly bolup, yzyndan kowup ýetip, Soltanýazyň atynyň jylawyndan tutup, onuň adyny sorapdyr we söweş tamamlanandan soň öz ýanyna barmagyny tabşyrypdyr.

Bu uruş ýeňişli tamamlanypdyr. Emma Soltanýaz emiriň ýanyna barmandyr. Emir özüniň ynamly wekillerine Soltanýaz atly türkmen ýigidini tiz wagtda tapyp gelmegi buýrupdyr. Haçan-da, ony emiriň ýanyna eltenlerinde, emir onuň näme üçin öz ýanyna gelmändigini sorapdyr. Onda Soltanýaz: «Mniň bir artyk bitiren hyzmatym ýok, şol sebäpden hem siziň huzuryňyza barmadym» diýip jogap beripdir. Onda emir Soltanýaza ýüzlenip: «Sen gaty batyr we edermen ýigit ekeniň. Meniň janymy ölümden gutarmak üçin agyr söweşe girdiň. Köp duşmanyň kellesini togaladyň. Seniň bu bitiren işiň gaty uly. Seniň bu är işiňi yzyna gaýtarmak isleýän. Şonuň üçin saňa pikirlenmäge üç gün puryja berýärin we soňra meniň Buhara ýanyma gel» diýip tabşyrypdyr.

Soltanýaz şondan soň öýlerine gelip, özüni terbiýeläp ösdürip ýetişdiren garry enesi bilen maslahatlaşypdyr. Enesi oňa: «Oglum, emiriň janyny ölümden gutaran bolsaň, ondan üýtgeşik bir zat soramak gerek» diýip, şeýle maslahat beripdir: «Oglum, biziň bir azajyk ýerimiz bar. Gün-güzeran geçip dur. Ýöne biziň halkymyz daş töwerekdäki ownuk beglikler tarapyndan yzygiderli talanýar, gysylýar. Olaryň talaňçylyklaryndan dynmak üçin bize — Garabekewül iline beglik gerek. Şol sebäpden hem emiriň ýanyna barsaň ondan diňe beglik sora, oglum!» diýip nesihat edipdir.
Şondan soňra Soltanýaz emiriň huzuryna barypdyr. Emir oňa köp baýlygy, öýli işikli etmekligi teklip edipdir. Emma Soltanýaz: «Emir aga, eger sen maňa ýagşylyk etjek bolsaň, biziň ilimize beglik ber» diýip talap edipdir. Soltanýazyň bu talaby emire gaty agyr düşüpdir. Ýöne emir oňa ýüzlenip: «Sen gaty agyr şert goýduň. Näme, her niçigem bolsa, men seniň bu şertiňi ýerine ýetirmeli bolaryn. Sebäbi sen meni ölümden gutardyň» diýipdir. Soňra bolsa Soltanýaz gala gurmaklyga rugsat sorapdyr. Emir kynlyk bilen rugsat beripdir. Şondan soň Soltanýaz obasyna gelip, gyssagly galanyň gurluşygyna başlapdyr. Ol galanyň guruljak ýerini amatly saýlap almagy başarypdyr. Onuň gurluşygy 1798-1799-njy ýyllarda alnyp barlypdyr. Eýýäm 1801-nji ýylda galanyň gurluşygy doly tamamlanypdyr. Bu döwürde Soltanýaz öz töweregine ärsary ýigitlerini toplap, onça bir uly bolmadyk goşun bölümini döredipdir.
Wagt geçipdir. Buhara emiri Şamyradyň ogly Mirhaýdaryň dolandyran döwründe zulum has-da güýçlenipdir. Daýhanlardan alynýan paçlar hasylyň 40-50 göterime barabar bolupdyr. Bu ýagdaý daýhanlaryň halynyň ýaramazlaşmagyna getiripdir. Salgydyny wagtynda töläp bilmedikler goşmaça jerime töläpdirler. Eger salgyt tölemäge puly bolmasa, olaryň goş-golamlaryna talaň salypdyrlar ýa-da olary zor bilen sürüp, Buhara äkidip, gul hökmünde işledipdirler. Zähmetkeş halk agyr salgytlara, zuluma çydam edip bilmän, 1801-1802-nji ýyllarda uly gozgalaňa baş göteripdirler. Bu gozgalaňa esasan Kerki — Çärjew aralygynda ýaşaýan ärsary taýpalary gatnaşypdyr. Gozgalaňyň esasy söweşijileriniň biri Soltanýaz beg Işbaşy ogly bolupdyr. Bu gozgalaňa Seýitnazar Seýdi hem gatnaşypdyr. Şahyr gozgalaňyň diňe bir ruhy ýolbaşçysy bolmak bilen çäklenmän, türkmen ýigitleriniň uly böleginiň baştutany bolupdyr. Gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin Buhara emiri uly goşun toplap ýollapdyr. Gozgalaňçylar ilkinji söweşde emiriň goşunlaryny ýeňilişe sezewar edipdirler. Emma san taýdan agdyklyk edýän, oňat ýaraglanan emir goşunlary ahyrsoňy ýeňiş gazanypdyr.
Il-ýurt, toprak, Watan bähbitli gozgalaň duşman tarapdan basylyp ýatyrlandygyna garamazdan, halk arasynda onuň serdarlarynyň abraýy artypdyr. Soltanýazyň batyrlygy, halkyň tarapynda durup, halk göreşine baştutanlyk etmegi, onuň şan-şöhratyna şöhrat goşupdyr. Bu ägirt şahsyýetiň adyny watançy şahyr Seýitnazar Seýdi özüniň goşgy setirleriniň üsti bilen wasp edip, türkmen taryhyna salypdyr hem-de hut Soltanýaz begiň özüniň baştutanlygynda gurulan galany, onuň adyny asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli alyp gelipdir. Seýdi şahyr Soltanýaza, onuň mertligine, edermenligine, myhmanparazlygyna, adamkärçiligine bagyşlap ýörite goşgular döredipdir. Ol barada şahyr özüniň “Döwrany bardyr“ atly goşgusynda şeýle belleýär:

Işbaşy ogly Soltanýaz begiň
Bu dünýäde dürli döwrany bardyr
Bedew münüp ýagşy ýigitler bilen
Günde çoh sapaly seýrany bardyr.

Il içinde hökümi bolsa hem jary
Hiç bir musulmana ýokdur azary
Her remezan aýy getirip nary
Sogap üçin hatymy-gurhany bardyr.

Söweş güni keserilipdir gylyjy
Bardyr özi söweş ylymyn biliji
Daýym yzy üzülmeýen geliji
Her gün çar tarapdan myhmany bardyr

Şeýdip, at-ýaragly, tükel esbaby
Geýer daýym atlaz bilen zerbaby
Munça begi istäp Buhar Lebaby
Gezip tapmaklygyň emkany bardyr

Atlansa, din-yslam gylyjyn çalsa
Ýaraşy-küffardan şaý bäş puly alsa
Otursa, öňüne arzaçy gelse
Adalatly, dogry diwany bardyr .

Şahyryň bu goşgy setirlerinde görnüşi ýaly, Soltanýaz begde halka ýakynlyk gaty güýçli. Şonuň üçin Seýdi şahyr onuň waspyny etmekligiň kemini goýmandyr.
Şeýle-de, Soltanýaz begiň döwri, onuň halkyň aladasy ugrunda eden il-ýurt bähbitli hereketleri bilen aýrylmaz arabaglanşygy bolandygy sebäpli, Soltanýaz begiň guran galasynyň ýanynda watançy, serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň hatyrasyna baky ýadygärligi gurlup, häzirki wagtda ol ýer taryhy öwrenijileriň we ýurdumyzyň raýatlarynyň barym-gelimli ýerine öwrüldi.
rasyna bagyşlanan ýaryşda kümüş medal eýeläpdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply