LUKMANÇYLYK

BSGG kowide garşy Covaxin hindi sanjymynyň gyssagly ulanylmagyny makullady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Hindistanda öndürilen koronawirusa garşy Covaxin sanjymynyň gyssagly ulanylmagyny makullady. Bu barada BSGG tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar diýip, TASS habar berýär. 

“Şu gün BSGG COVID-19-yň öňüni almak üçin BSGG tarapyndan tassyklanan sanjymlaryň sanawynyň üstüni ýetiren Covaxin derman serişdesiniň gyssagly ulanylmagy barada karary neşir etdi” – diýlip, tekstde aýdylýar. Barlaglar COVID-19-a garşy derman serişdesiniň täsiriniň ikinji dozadan 14 gün we ondan hem köp wagt geçenden soň 78% bolandygyny görkezdi. BSGG sanjymyň saklanyş şertleriniň ýönekeýligi sebäpli ilatynyň girdejisi pes we orta bolan ýurtlar üçin örän amatly boljakdygyny belleýär.

Guramanyň hünärmenleri Covaxin-iň 18 we ondan uly ýaşly adamlara berilmegine rugsat berdiler. Sanjymy dört hepde aralyk bilen iki dozadan goýbermek maslahat berilýär. Covaxin koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde BSGG tarapyndan gyssagly ulanmak üçin maslahat berlen sekizinji sanjym boldy. 

BSGG-niň karary Covaxin-iň dünýäniň köp ýurtlarynda kabul edilmegine mümkinçilik berer. Hindistanda taýýarlanylan we öndürilen bu sanjymyň ykrar edilmegine ýurduň daşary ýurtlara gitmegi meýilleşdirýän köp sanly raýatlary garaşýar. Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlary boýunça, immunizasiýadan geçen hindileriň umumy sanynyň 12%-i Covaxin derman serişdesi bilen sanjym aldy. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: