Russiýada kelle beýnisi üçin körlere görmek ukybyny gaýtaryp berjek implant işläp taýýarlaýarlar. «Известия»-nyň habar bermegine görä, körleri we kerleri goldaýan «Соединение» gaznasynyň we «Сенсор-Тех» barlamhanasynyň hünärmenleri bu tehnologiýany iläp taýýarladylar. Bu barada «Rambler» habar berýär.
Gural iki bölekden: içki implantdan we mikrokompýuterli daşky kameradan durýar. Prossesoryň kömegi bilen wideoşekiller signala öwrüler we beýnä baryp ýeter.
Rus alylarynyň oýlap tapan guralynyň görüşini doly ýitiren adamlar üçin peýdaly boljakdygy bellenilýär. Iň esasy zat — imlantdan peýdalanjak adam öň görýän we beýnisine zeper ýetmedik bolmaly. Neýroimplantyň kömegi bilen görmeýän adamlar ýagtylygy we garaňkylygy tapawutlandyryp, şonuň ýaly-da adamlaryň hem-de predmetleriň suduryny tapawutlandyryp bilerler. Häzirki wagtda gural gemrijilerde synagdan geçirilýär.
Körler görüp başlarlar. Täze oýlap tapyşlar muňa ynamy döredýär

03
Jun