LUKMANÇYLYK

Gonkongyň alymlary omikronyň birinji suratyny görkezdiler

Gonkong uniwersitetiniň lukmançylyk fakulteti koronawirusyň omikron-ştammynyň suratyny görkezdiler. Ony elektron mikroskopyň kömegi bilen alyp bolandygy barada aýdylýar, diýip, «Новый Омск» neşiri habar berýär.

Alymlar «SARS-CoV-2»-niň omikron-ştammy ýokuşan maýmynyň (Vero E6) öýjüginiň mikro suratyny alypdyrlar.

Hünärmenleriň habar bermeklerine görä, çepdäki suraty birazajyk ulaltsaň, kiçijik gara wirus bölejikleri bolan çişen wezikulaly zeper ýeten öýjükleri görmek bolýar. Has ulaldylan sagdaky suratda täç görnüşinde tikenli wirus agregatlary görünýär (dört burçluk bilen bellenilen).

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: