YKDYSADYÝET

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda ätiýaçlyk şaýlarynyň 200-den gowrak görnüşi ýasalýar

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynda oba hojalyk tehnikalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny ýasamaklyk işi ýola goýlupdyr, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Bu ýerde plastikden, alýuminiýden we çoýundan ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň azlygy bilen tapawutlanýar. Geçen 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň 10 aýynda manat hasabyndaky ösüş depgini 130-göterimden gowrak boldy. Kärhanada oba hojalyk tehnikalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň 200-den gowrak görnüşi ýasalýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: