LUKMANÇYLYK

BSGG: koronawirusyň täze has çalt ýaýraýan ştammlarynyň peýda bolmagy mümkin

Koronawirusyň geljekki görnüşleri «omikrona» garanda, has ýokuşagan bolmagy mümkin. Bu barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) eksperti Mariýa wan Kerkhowe yglan etdi, diýip, «ТАСС» ýazýar.

Kerkhowe täze ştammlaryň häsiýeti entek belli däl, ýöne «olar has ýokuşagan bolarlar, sebäbi häzir bar bolanlaryndan öňe gitmeli bolarlar» diýip belledi. Bu täze ştammlar keseliň «agyr ýa-da ýeňil» geçmegine täsir ederler, ýöne olaryň immunitetiň täsirine düşmezlikleri mümkin, diýip, ol düşündirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: