LUKMANÇYLYK

Türkmenistanda kömekçi önelge tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň Tertibi tassyklanyldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri kömekçi önelge tehnologiýalarynyň (KÖT) ulanylmagynyň hem-de olaryň ulanylmagyna bildirilýän garşy görkezmeleriň we çäklendirmeleriň tertibini tassyklady. Degişli hukuk resminamasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynda ýerleşdirildi.

Resminama laýyklykda, kömekçi önelge tehnologiýalaryny ulanmaga ýokary lukmançylyk bilimi bolan we bellenilen tertipde ýörite taýýarlygy geçen we saglygy goraýyş edaralarynda işleýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarnama alan adamlaryň hukugy bardyr.

KÖT-leri ulanmaga ikisiniň hem ýazmaça razylygy bolan mahalynda är-aýalyň, şeýle hem ýüz tutan pursatynda nikada durmaýan aýalyň hukuklary bardyr.

KÖT-lery ulanmagyň görkezijilerini anyklamak we önelgesizligiň sebäbini kesgitlemek üçin başlangyç 5 sany barlag geçirilýär. Önelgesizligiň sebäbini anyklamagyň möhleti 6 aýdan geçmeýär. Önelgesizligiň sebäbi anyklanylandan hem-de konserwatiw we hirurgiki bejergi geçirilenden soň 9-12 aýyň dowamynda göwrelilik gazanylmasa, onda näsaglar KÖT maksatnamasyna ugradylýar.

KÖT meýilnamasyny taýýarlamakda, ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek basgançagynda KÖT-lerini ulanmaga otnositel we absolýut garşylyklaryny anyklamak üçin erkekde we aýalda degişli barlaglar geçirilýär. Kömekçi önelge tehnologiýalary diýlip önelgesizligi bejermegiň usullaryna düşünilýär, olar ulanylan mahalynda, göwrede çaga galmagyň aýry-aýry ýa-da ähli tapgyrlary hem-de düwünçegiň irki ösüşi, şol sanda donorlara degişli ýa-da aýratyn şertlerde saklanylan (kriokonserwirlenen) jyns öýjükleriniň, bedeniň önelge agzalarynyň dokumalarynyň we düwünçegiň peýdalanylmagy bilen, enäniň (surrogat ene) bedeninden daşarda amala aşyrylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: