TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabatda YHG-nyň 15-nji sammiti geçirildi

Düýn Aşgabat şäherinde Türlmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 15-nji sammiti geçirildi. Köpugurly işewürlik merkezli täze «Garagum» oteli nobatdaky duşuşygyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Şu ýyl YHG-da başlyklyk edýän ýurt hökmünde Türkmenistanyň geçirýän sammitine Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Askar Mamin wekilçilik etdi. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Türkmenistany Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara giriş sözi bilen ýüzlenip, Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.

Sammitde ykdysady hyzmatdaşlygy, parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyramgy ň meselleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostluk, hoşniýetli goşuçylyk netijeli we öňzra bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek boýunça pukir alşyldy, geljekki döwürde bilelikdäki işleriň ugruny kesgitlemek boýunça teklipler öňe sürüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: