JEMGYÝETTÜRKMENISTAN HABARLARY

Çagalary goramagyň Halkara güni bellenilýär

Şu gün Türkmenistanda çagalary goramagyň Halkara güni bellenilýär. Bu sene mynasybetli Lebap welaýatynyň ähli şäherlerinde we etraplarynda baýramçylyk çäreleri geçirildi. Çagalaryň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly dabaralar, gezelençler, dürli oýunlar, bäsleşikler guraldy. Çagalara mugt doňdurma hödür edildi, ýaş aýratynlyklaryna görä olara dürli sowgatlar gowşuryldy.
Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähinde hem dabaraly çäreleriň uly toplumy guraldy. Bu ýerde ertekiler dünýäsi, dürli attraksionlar, syn ediş tigiri we çagalar we ulular üçin beýleki desgalar bar.
Türkmenistanda çagalaryň dynç, bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Indi birnäçe ýyldan bäri bir tapgyrda 300 orna niýetlenen «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi çagalaryň hyzmatynda. Tiz wagtda Farap şäherinde hem çagalar üçin niýetlenen «Çagalar dünýäsi» seýilgähiniň işe girizilmegine garaşylýar. Ýylyň dowamynda çagalar döredijilik öýleri olaryň gyzyklanýan ugurlary boýunça goşmaça bilim almaga, ukyplaryny we başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Dürli ýaşly çagalaryň arasynda guralýan döredijilik bäsleşikleri bolsa zehinlileri ýüze çykarýar.
Türkmenistanyň ähli ýerlerinde çagalar baglary, orta mekdepler gurulýar, öňden hereket edýänleri okatmagyň häzirki zaman serişdeleri bilen üpjün edilýär. Birinji synpa barýan okuwçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply