BILIMTÜRKMENISTAN HABARLARY

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary mehanika boýunça II Açyk olimpiada gatnaşdylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary onlaýn görnüşde geçirilen mehanika boýunça II Açyk olimpiadasyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň başlangyjy bilen guraldy.
On bir ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikde zehinli ýaşlaryň 6-sy birinji, 9-sy ikinji, 14-si üçünji orna mynasyp boldy. Birinji orna mynasyp bolanlaryň arasyndaky Türkmenabatdaky ýokary okuw mekdebiniň talyplary hem bar.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary toparlaýyn bäsleşiklerde hem üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň energetika instituty we Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersiteti bilen birlikde öňdäkileriň hataryndan orun aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply