TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan Owganystandaky ynsanperwerlik meseleleri boýunça maslahata gatnaşdy

2021-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Ženewada gibrid görnüşde Owganystanda ynsanperwer meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Türkmen tarapyndan maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Ýokary derejeli maslahata BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, şeýle-de abraýly halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk hem-de dostluk ýörelgelerine esaslanmak bilen, ýakyn ýerleşen ýurtlara, şol sanda Owganystana ulgamlaýyn esasda ynsanperwerlik hemaýatyny berýär. Hususan-da, goňşy ýurtda durmuş maksatly taslamalary – mekdepleri, hassahanalary we metjitleri durmuşa geçirmek gurmak arkaly, Türkmenistan şeýle-de derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary görnüşinde Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini ýollaýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: