TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitinde çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 28-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen 15-nji sammitinde çykyş etdi.

Döwlet baştutany YHG-na agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň üstünde durup geçdi. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Bu gurama bilen bilelikdäki işde uly tejribe toplanandygy barada durup geçmek bilen, Türkmenistanyň bu gurama agza döwletleriň her biri bilen aýratynlykda dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýändigi barada hem aýtdy. Üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, ykdysady, medeni, ynsanperwerlik ýaly we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmek boýunça teklipleri öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dolulygyna çap edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: