SPORT WE SYÝAHAT

Welosiped sportynyň ähmiýeti

Sportyň ähli görnüşleri hem ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýeti örän uly. Emma welosiped sporty ýurdumyzda has-da söýülýän sportuň biridir. Ir säher bilen welisoped sporty bilen meşgullanyp, türkmen tebigatynyň gözelliklerine syn etmek juda ýakymly. Teleýaýlym arkaly Gahryman Arkadagymyzyň dagyň gerişlerini etekläp oturan ajaýyp tebigatly Aşgabadyň tekiz ýollarynda welisoped sporty bilen meşgullanýangyny göreniňde, keýpiň göterilýär. Şol pursat islendik ynsanda ekologiýa taýdan arassa sport bilen meşgullanmaga bolan höwesiňi has-da artdyrýar. Sebäbi milli Liderimiziň sportyň islendik görnüşinden ussatlyk bilen baş alyp çykmagy uly-kiçi ählimiz üçin görüm-göreldedir. Güneşli Watanymyzda welosiped sportuna soňky ýyllarda has-da uly üns berlip başlandy. Milli Liderimiziň asylly başlangyjyny goldap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny „Bütindünýä welosiped güni“ diýip yglan etmegi hem welosporty sazlaşykly ösdürmäge oňyn mümkinçilikleri döredýär. Sportuň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň biri hökmünde ol dünýäde meşhurlyga eýedir. Welosport bedeniň taplanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine we gan basyşynyň durnukly saklanmagyna, şeýle-de bogunlaryň işjeňligine ýaramly täsir etmek bilen, ekologiýa birjik-de zyýan ýetirmeýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde ýurdumyzda welosiped sportunyň tarapdarlarynyň sany has-da artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, aýratyn-da, welosiped sporty bilen meşgullanmakda görelde mekdebi bolup durýandygynyň aýdyň netijesidir. Merkezi Aziýada iň iri hasaplanylýan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ýokary halkara ölçeglerine kybap gelýän ýapyk welotregiň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen, milli welosiped sportunyň taryhynda täze tapgyr başlandy. Bu desganyň hil derejesine milli synag ýaryşlaryna gatnaşan türgenler bilen birlikde Halkara welosiped birleşiginiň hünärmenleri ýokary baha berýärler. Onda döredilen şertler iri halkara ýaryşlaryny, dünýä çempionatyny geçirmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da paýtagtymyz Aşgabadyň iň owadan künjekleriniň birinde „Welosiped“ binasynyň gurulmagy bu sporta islegiň, buýsanjyň, onuň ynsan saglygyna peýdasynyň nä derejede beýikdigini ýene bir gezek doly subut etdi. Sebäbi soňky ýyllarda welosiped sportyna bolan isleg juda artdy. Oba ýerlerinde hem gelin-gyzlaryň welosipedli gezelenç edýändiklerine görmek bolýar, sebäbi ýurdumyzda ýaş neillerimizden başlap, ýaşuly neslimize çenli ähli raýatlarymyz welosiped sporty bilen meşgullanýar. Sebäbi welosiped süreniňde keýpiň çaglanýar, saglygyň berkeýär, ata Watana, türkmen tebigatyna bolan söýgiň has-da artýar.
Türkmenistan döwletimizde her ýylyň aprel aýynda Bütindünýä saglyk gününiň geçirilmegi bolsa halkymyzyň sporta bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Biziň etrabymyzyň ýaşlary hem geçirilýän sport ýaryşlaryna, wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşýarlar. Sebäbi olar welosiped sportynyň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasyna örän gowy düşünýärler. Ýaşlar guramamyz tarapyndan guralýan sport bäsleşiklerine bolsa ýaşlarymyz uly höwes bilen gatnaşýarlar we şeýle bäsleşikleriň ynsan saglygyna ýetirýän peýdasy barada giň düşünje alýarlar. Bize ähli ugurda görelde bolýan Milli Liderimiziň her bir görüm-göreldesi ýaş nesli döwrebap, sagdyn terbiýelemekde diňe bilim işgärlerine däl, eýsem islnedik adam üçin hem görelde mekdebidir.
Türkmen halkyna baky bagtyýarlygy peşgeş beren Hormatly Arkadagymyza şu pursatda köp sagbolsun aýdýarys. Goý, milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Şöhrat Kadyrow,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň bölüm müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: