TÜRKMENISTAN HABARLARY

Aşgabatda Bütindünýä söwda guramasynyň çäklerinde söwda etmeklige bagyşlanan onlaýn seminar geçirildi

Milli kanunçylygy Bütindünýä söwda guramasynyň (World Trade Organization – WTO) talaplaryna laýyk taýýarlamakda öňdebaryjy tejribeler Aşgabatda geçirilen halkara onlaýn-seminaryň esasy temasy boldy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Iki günlük çärä Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Daşary işler, Adalat, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet, Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň, Söwda-senagat edarasynyň we beýleki ministrlikleriň we degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar söwdada tehniki päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň, oba hojalygynda we azyk önümlerine tarif syýasaty, harytlaryň gümrük bahasyny kesgitlemegiň, pagta söwdasy we içerki goldaw, BSG bilen möhüm ylalaşyklaryň, ýagny söwda işlerini ýönekeýleşdirmek hem-de fitosanitairýa meselelerini ara alnyp maslahatlaşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: