TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanda onlaýn dükany hyzmatlaryny hödürleýär

«Rysgal» gazetiniň habar bermegine görä, şu ýylyň mart aýynda işe başlan «Jomart» onlaýn platformasy hem ilata söwda we eltip bermek hyzmatlaryny hödürleýär.

«Jomart» onlaýn dükanynyň web sahypasynda «Gök önümler we miweler», «Azyk we iýmit önümleri», «Arassaçylyk serişdeleri», «Saglyk, gözellik we parfýumeriýa», «Çagalar üçin», «Smartfonlar, elektronika we kompýuter enjamlary», «Öý tehnika enjamlary», «Tortlar dünýäsi», «Egin-eşik» bölümleri bar. Bu ýerde harytlaryň suratlary, atlary, möçberi, bahalary görkezilen. «Jomart» internet dükanynda müşderileriň isleglerini kanagatlandyrmak üçin harytlaryň görnüşlerini köpeltmek yzygiderli alnyp barylýar. Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň çäginde sagat 09:00-dan sagat 20:00 aralygynda ýerine ýetirilýär. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

«Jomart» ykjam goşundysyny «Play Market» ýa-da «App Store» internet dükanlaryndan kompýuterlere, telefonlara, planşetlere ýükläp alyp bolýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: