JEMGYÝET

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-de Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan maslahat geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli maslahat geçirildi. 

«Türkmenistan — ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar» bilen guralan bu maslahatda ýurdumyzyň halkara arenasynda eýeleýän mynasyp we ygtybarly orny  dogrusyndaky çykyşlar edildi. Institutyň uçurymy, ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, «Türkmenistanyň Gahrymany» Çynar Täjiýewna Rüstemowa Türkmenistanyň bu abraýly halkara gurama bilen has-da ýygjamlaşýan we gerimini giňeldýän medeni we ylmy gatnaşyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdi. Ýokary okuw mekdepleriniň ikisinde, ýagny, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň döredilmegi we orta mekdeplerimiziň birnäçesiniň bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine girizilmegi, şeýle hem ýurdumyzdaky medeni ýadygärlikleriň bu düzümiň sanawyna girizmek boýunça teklipleriň berilmegi geljekde bu halkara gurama bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge giň mümkinçilikleri açar.

Maslahatyň soňunda institutyň «Altyn nesil» medeniýet merkeziniň döredijilik topary çykyş etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: