2021-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Öndürilen önümleriň mukdary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,2 göterim ýokarlandy. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy.