TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen halyçylara hormatly atlar dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen halyçylaryň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy.
Olaryň arasynda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Rozgül Hoşwagtowna Mähremowa, Lälegül Rozyýewna Ýazowa, Ogulkeýik Joraýewna Goçewa, Sonagül Jumadurdyýewna Jumaýewa dagylar hem bar.
Permanda bu adyň «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň do-wamynda çeken halal we yhlasly zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen haly-synyň baýramy mynasybetli dakylýandygy aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply