SPORT WE SYÝAHAT

AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda «Altyn Asyr» bilen «Köpetdagyň» garşydaşlary belli boldy

Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişlik dabarasynda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş edýän «Altyn Asyr» hem-de «Köpetdag» toparlary öz garşydaşlaryny bildiler. Bu barada Türkmenistany Futbol federasiýasynyň saýtynda habar berilýär

Geçirilen bije çekişligiň netijesinde «Altyn Asyr» topary «E» toparçada «Nasaf» ýa-da «Sogdiana» (Özbegistan), «SSKA-Pamir» (Täjigistan) hem-de «Neftçi» (Gyrgyz Respublikasy) toparlary bilen duşuşar. Özbek toparlarynyň haýsynyň gatnaşjakdygy «Nasafyň» AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda gazanjak netijesine baglydygyny ýatladýarys.

Saýlama tapgyrçasynyň «F» toparçasyna düşen «Köpetdag» toparynyň garşydaşlary «Hujand» (Täjigistan) hem-de «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy) toparlary bolarlar.

Merkezi sebit

«E» toparça: «Nasaf» ýa-da «Sogdiana» (Özbegistan), «Altyn Asyr (Türkmenistan), «SSKA-Pamir» (Täjigistan), «Neftçi» (Gyrgyz Respublikasy).

«F» toparça: «Hujand» (Täjigistan), «Dordoý» (Gyrgyz Respublikasy), «Köpetdag» (Türkmenistan).

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: