Baýry türgenler ýaryşdylar

Jun 28, 2020

Türkmenabat şäheriniň 10-njy sport mekdebinde baýry türgenleriň arasynda woleýbol boýunça Lebap welaýatynyň çempionaty geçirildi.

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň guramagynda her ýylda geçirilýän ýaryşlara etraplardan we şäherlerden gelen, uly ýaşly türgenlerden düzülen toparlar gatnaşdylar. Olar öz aralarynda iki günüň dowamynda duşuşdylar.

40 ýaşly erkekleriň arasynda Halaç etrabynyň topary birinji, Kerki etrabynyňky ikinji, Türkmenabat şäheriniňki üçünji orunlary eýelediler. 50-60 ýaş aralygyndaky erkekleriň arasynda geçirilen duşuşyklarda bolsa Türkmenabat şäheriniň topary birinji, Saýat etrabynyňky ikinji, Dänew etrabynyňky üçünji orunlara mynasyp boldular.

50-60 ýaş aralygyndaky zenanlardan düzülen toparlaryň arasyndaky ýaryşda Dänew etrabynyň topary birinji, Çärjew etrabynyň topary ikinji, Türkmenabat şäheriniň topary üçünji orunlary eýelemegi başardylar.

Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Поделиться ссылкой: