SPORT WE SYÝAHAT

Ýewropanyň iň gowy futbolçysy bolmak üçin üç dalaşgär bar

UEFA-nyň resmi saýty 2022 ― 2023-nji ýyllaryň futbol möwsüminiň iň gowy futbolçysyny saýlamak ugrunda dowam edýän ses berlişigiň final tapgyryna çykanlaryň adyny mälim etdi.

Köp sanly dalaşgärleriň arasyndan indi diňe üç futbolçy galdy. Olar Lionel Messi, Erling Holand we Kewin de Brýuýnedir.

Geçen möwsümde PSŽ-de çykyş eden Messi häzir «Inter Maýaminiň» futbolçysy. Holand bilen De Brýuýne bolsa «Mançester Sitidäki» topardaşlar. Olar geçen möwsümde «şäherlileriň» düzüminde üç kubok gazandylar. Şolaryň biri bolsa toparyň taryhyndaky ilkinji Çempionlar ligasynyň çempionlygydyr.

Ýewropada möwsümiň iň gowy futbolçysy 31-nji awgustda belli biler. Ýeňiji Monako şäherinde ― Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişlik dabarasynda yglan ediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: