JEMGYÝET

«Sibir» howa ýollary Türkmenistandan indiki ýörite uçuşy amala aşyrar

2022-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda «Türkmenabat — Moskwa» aralygynda «Airbus A321» uçarynda «Sibir» howa ýollarynyň indiki ýörite uçuşy gurnalar. Bildiriş Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň Telegram kanalynda ýerleşdirildi, diýip, «turkmenportal.com» ýazýar.

S78536 uçuşynyň tertibi Domodedowo halkara howa menziliniň resmi web sahypasynda görkezilýär.

Nobatdaky ýörite uçuş Türkmenabat-Moskwa aralygyna ýola goýlan 34-nji ýörite uçuş, 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa ikinji uçuş bolar. Ýörite uçuş soňky gezek 14-nji ýanwarda amala aşyrylypdy.

Dünýäde ýüze çykan güýçli pandemiýa sebäpli Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli gatnawlar 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadylandygyny ýatlap geçýäris.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: