YKDYSADYÝET

Türkmenistanda oba hojalyk tehnikalaryny telematik sanly ulgama geçirmek boýunça işler dowam etdiriler

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde aýdyldy. «Türkmenistan. Altyn Asyr» saýtynyň ýazmagyna görä, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen «John Deere» kompaniýasynyň arasynda oba hojalyk pudagyny ösdürmek hem-de hususy we telekeçilik ulgamlarynda suw serişdelerini tygşytlamak meseleleri boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmegiň teklip edilýändigi barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi..

Türkmenistanyň Hökümetiniň we «John Deere» kompaniýasynyň arasynda 2019-njy ýylda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan «Deere Credit» kompaniýasynyň uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň nobatdaky tapgyryny satyn almak boýunça bilelikdäki çäreleri geçirmek teklip edilýär. Bu işler Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bar bolan tehnikalaryny 2019 — 2022-nji ýyllarda üç tapgyrda telematik sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň çäklerinde amala aşyrylar.

Mundan başga-da, ýurduň gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan bu kompaniýa bilen bilelikde, «John Deere» hem-de «Wirtgen» kompaniýalarynyň ýol-gurluşyk tehnikalaryny getirmek babatda serişdeleriň talap edilýän görnüşlerini öwrenmek üçin hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: